Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap kitaphanasynda 41 müň 390-a ýakyn kitap elektron görnüşine geçirildi.
Bu kitaphanada bar bolan neşirleriň ep-esli böleginiň elektron görnüşine geçirilendigini aňladýar. Ýagny, häzirki wagtda bu ýerde dürli neşirleriň 60 müň 520-ä ýakyny saklanylýar. Kitaphananyň hyzmatyndan bolsa 7 müň 534 okyjy peýdalanýar. Okyjylar zalynda we abonement bölüminde ýokary derejeli kitaphana hyzmatlary ýola goýlupdyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde edebiýat agşamlary, dürli bäsleşikler hem guralýar.
Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

