Lebap welaýat kitaphanasyna ýakynda gelip gowşan täze kitaplar kitaphanaçylar tarapyndan işlenilip, kitap gaznasyna tabşyryldy we şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Şeýlelikde, dürli ýaşdaky okyjylar täze edebiýatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, şeýle hem elipbiý we pudaklaýyn
kataloglarynda ýerleşdirildi.
Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary giň okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen dürli çäreleri guraýarlar. Olar kitap sergilerini, tanyşdyrylyş dabaralaryny, synlary, söhbetdeşlikleri hem-de beýleki medeni çäreleri yzygiderli geçirip, jemgyýetimizde kitaba bolan söýgini we okyjylaryň medeniýetini has-da ösdürmäge öz goşandyny goşýarlar.
Kitaphanalarda täze kitaplaryň wagzy giňden alnyp barylýar
18
Aug
