Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 86 ýyllygyna bagyşlanan «Ýazyň, güýzüň şahyry» atly döredijilik dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda şahyryň ömri we döredijiligi barada täsirli söhbetler edilip, onuň eserlerinden ybarat bolan ýörite kitap sergisi guraldy. Şeýle-de okuwçylaryň arasynda şahyryň şygyrlaryny ýatdan okamak boýunça bäsleşik geçirilip, ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Welaýat çagalar kitaphanasynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerini ýatlamak çäreleri yzygiderli häsiýetde alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda welaýatyň zenan şahyrlary bilen duşuşyk we söhbetdeşlik geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäreler ýaş nesliň edebiýata bolan höwesini artdyrmaga we milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir.
Kitaphanada Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 86 ýyllygy bellenildi
02
Mar

