Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda Lebap welaýat kitaphanasy tarapyndan ýörite okuw geçirildi. Oňa welaýatyň şäher we etrap merkezi kitaphanalarynyň müdirleri gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda çagalar baglarynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň, ertirlikleriň guralyşy we alnyp barlyşy barada tejribe alşyldy.
Çäräniň esasy böleginde türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti, çagalaryň kitap bilen ir ýaşdan dostlaşmagyny gazanmagyň ýollary barada pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle-de ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, çagalar üçin gyzykly we täsirli çäreleri täzeçe guramak boýunça sowal-jogaplar guraldy.
Okuwda kitaphanalara okyjy çekmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ösdürmek ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şeýle okuwlaryň kitaphana işini kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda we medeni hyzmatlaryň täsirliligini ýokarlandyrmakda ähmiýetiniň uludygyny bellediler.
Kitaphanaçylar çagalar baglarynda geçirilýän çäreleriň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar
27
May

