Kitaphana işi rowaç alýar
Lebap welaýat kitaphanasynda “Kitaphanalar bilim baýlygydyr” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler uly guwanç bilen şeýle diýdiler. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy mukaddes kitap, kitaphanalar hakynda söhbet edilende ilki bilen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döwlet derejesinde örän uly işler edýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Ine ýylyň başy bilen ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly biz üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. 2025-nji ýylynyň 24-nji ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Bu mejlisde Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny ösdürmegiň, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmagyň möhümdigini, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron
kitaphana ulgamyna aýratyn orun degişlidigini belläp geçdi. Bu bolsa “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň BEKU-nyň ýurdumyzda kitaphanaçylyk işiniň has kämilleşmegine berlen itergi boldy. Sanly ulgam, kitaphana işinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Soňky döwürde ylymyň-bilimiň ösmegi netijesinde ýüze çykan sanly tenologiýalar ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda giň mümkinçilikler açýar. Sanly ulgamyna geçmeklik halkymyzyň gazanan medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, bagtyýar ýaşaýşyny wasp etmek üçin amatly şertleri döredýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý milli mirasyny elektron görnüşde saklamakda, olary ylmy esasda öwrenip, halka wagyz etmekde ýurdumyzyň kitaphanalary hem uly ähmiýete eýedir. Elektron ulgam arkaly, kitaplaryň
geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten sahypalaryny, ösüşiň dürli taraplaryny açyp görkezýän kitap sergilerimiziň elektron sergilerini guramaga, geçirilýän köpçülik çärelerimiziň kitaphana gelýän okyjylaryň sanyny öňküden-de artdyrmagyna oňyn netijeleri berýär. Kitaphanalaryň internet saýtlarynyň üsti bilen ýurdumyzyň kitaphanalarynda bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan edýän üstünlikleri bilen tanyşyp, olarda bar bolan kitaplar barada maglumatlar alyp bilýäs. Asyrlarboýy toplanan ruhy baýlygyň güýjüni jemgyýetiň, ynsanyň medeniýetini kämil derejelere ýetirmäge gönükdirmekde, täze röwüşde baýlaşdyrmakda, gülläp ösüşlere ugrukdyrmakda kitaphanalaryň orny örän uludyr. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen tutuş ýurt boýunça kaşaň döwrebap kitaphanalar gurulup ulanylmaga berildi. Kitaphana adamlary biri – birine ýakynlaşdyrýar, olarň ynsanperwerlik duýgularyny joşdurýar, kalplaryna nur çaýýar ymaratdyr. Kitaphana işgärleri ýaşlarda kitaba bolan söýgini, hormaty hasda çuňlaşdyrmak, BEKU boýunça döwrebap hyzmat etmek, ony doly derejede ýola goýmak, elektron ki-taplar barada ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp baryp, ony
has-da kämilleşdirmek maksady bilen mekdeplerde, ýörite okuw jaýlarynda täze gelýän edebiýatlaryň kitap sergileri, medeniköpçülik çäreleri, duşuşyk agşamlary, şol ugra degişli kitaplar bilen tanyşlyk, olaryň elektron görnüşlerini okuwçylara, talyplara yzygiderli wagyz işi geçirýäler diýip bellediler.Ýurdumyzda kitaphana işini döwrebap guramak, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda taýsyz tagallalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman
bolmagyny arzuw etdiler.