BIZE YAZYARLAR

Kitaphana işi ilerledilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Bu babatda döredilýän giň
mümkinçilikler ýaşlaryň aň-bilim kuwwatyny doly açmaga, jemgyýetimiziň ösüşine hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzda
kitaphana ulgamyny ösdürmegiň, ony döwrebaplaşdyrmagyň hemişe üns merkezinde durýandygynyň güwäsidir. Alymlaryň, mugallymlaryň, döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň ylmy, amaly işleri, döredijilik ugurly taslamalary boýunça zerur çeşmelerden peýdalanmaklary üçin kitaphana işini döwrüň
talabyna laýyk derejede ýola goýmak Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde bellenilýär.
Maksatnama biziň öňümizde möhüm wezipeleri goýýar. Ýaşlara berilýän bilimi kämilleşdirmek, dersleri özleşdirmegiň amaly taraplaryny çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite meýilnamalary esasynda okuw sapaklaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet kitaphanasynda geçirmegi meýilleşdirmek ýurdumyzyň aň-bilim ulgamyny ilerletmekde nobatdaky ädim bolar. Ýokary we ýörite orta hünär bilim edaralarynda kitaphana ugry boýunça bilim alýan talyplar bilen kitaphana işgärleriniň arasynda duşuşyklary, tejribe we okuw sapaklaryny geçirmek, häzirki innowasion ösüşleriň, täzeçillikleriň döwründe ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýänleriň öňündäki uly borçdur.
Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi ýurdumyzda kitaphana işiniň halkara derejede batly depginde ösmegine, ruhy mirasymyzyň halk köpçüligine wagyz edilmegine, ýokary we ýörite orta bilimli kitaphanaçy hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatynyň has-da artmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
ömürleri uzak bolsun!

Gunçagül PALTAÝEWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň merkezi kitaphanasynyň
direktory.