Kitaphana bilimler ummany
Lebap welaýat kitaphanasynyň “Usuly” bölüminiň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň geçiren nobatdaky mejlisinde Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda welaýatymyzyň bilim ulgamyna degişli bolan kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Kitaphana bilimler ummany” ady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatda, bilim ulgamyna degişli mekdep kitaphanaçylarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň alyp barýan işlerinde çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, ýaşlarda kitaba bolan söýgini ösdürmek we olary ylmy-döredijilik, terjibeçilik işlerine höweslendirmek boýunça, mekdep okuwçylaryna, çagalara we çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk edýän hünärmenleriň (kitaphanaçylaryň) işini kämilleşdirmek, kitaphanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak babat-da alynyp barylýan işler barada çykyşlar edilip, kitaphanaçylar sorag-jogap alyşyp, maslahat örän täsirli geçdi. Okuw maslahata gatnaşyjylar Hemişelk Bitaraplygymyzyň şanly 30- ýyllyk toýuna bagyşlanyp “Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.