Kitaphana — bilim ojagydyr
Kitaphana — bilim ojagydyr. Bu ýerde ylma, bilime teşne adamlar özleriniň joşup duran kalplaryna rahatlyk tapýarlar. Olaryň rahatlygyny, islendik kitaba bolan islegini kanagatlandyrmak bolsa kitaphana işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Biziň mekdebimiziň agzybir işgärleri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatlaryny, il-ýurt bähbitli işlerini okyjylar köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek işlerini has-da güýçlendirip, ösüp gelýän ýaş nesli belent ruhly, ylymly-bilimli, maksadaokgunly, watansöýüji adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.
Kitaphanamyzda edebiýatlary toplamak we işlemek, kitaby aýap saklamak, usuly
kitaphana, hormatly Prezidentimiziň eserlerini wagyz etmek ýaly bölümler hereket
edip, olarda okyjylar üçin ýokary derejeli hyzmatlar ýola goýlandyr. Kitaphana ýaly mukaddes ojagyň gapysyndan girip, hoşal bolup gidýän okyjylaryň bagtyýarlygyny görenimizde, olaryň buýsançly sözlerini eşidenimizde, döwrüň belent ruhuna guwanjymyz goşalanýar. Mekdep kitaphanamyzda okyjylar bilen yzygiderli geçirilýän duşuşyklar olaryň nähili eserleri okamak isleýändigini bilmäge, olar bilen özara pikir alyşmaga ýardam berýär. Şonuň üçin hem biz — kitaphanaçylar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olar Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryny wagyz etmek bilen, edebiýat agşamlary, duşuşyklary, bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary, sesli okaýyşlary, kitap sergilerini guraýarlar. Şeýle hem mekdep kitaphanamyzyň işini döwrebap alyp barýarlar, kitaphana hyzmatyny gowulandyrmagyň täzeçe usullaryny işläp, gollanmalary taýýarlaýarlar. Mekdebimiziň agzybir işgärlerimiz güneşli Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanýan beýik ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Etrabymyzda geçirilýän dürli medeni çärelerde yzygiderli kitap sergilerini guraýarlar. Ýurdumyzda kitaphana işini ösdürmeklige, ýaşlary milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns-alada bilen garaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Haýtgül JORAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 53-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.