Kitap ynsanyň döredijilik potensialyny ýokarlandyrýar. Ol asyrlaryň jümmüşinden syzylyp gelýän gymmatly çeşmeleri, şeýle hem şu günüň gazananlaryny: döwrebap ylym-bilimi; tejribäni; mahlasy, dürli maglumatlary bize elýeter edýär. Eger-de taryhdaky meşhur ylym-bilim ojaklaryna, swilizasiýanyň merkezlerine ser salanymyzda hem şol ýerlerde dünýäniň iň köp kitap goruna eýe bolan kitaphanalaryň bolandygyna göz ýetirýäris. Dürli ýurtlardan ylym-bilime teşne ynsanlaryň bu kitaphanalara gelip, ol ýerde özlerine derkar bolan maglumatlary elde göçürip alandyklary bolsa kitabyň we kitaphanalaryň ähmiýetini has-da açyp görkezýär. Mundan başga-da, taryhda ýaşap geçen alymlaryň, ulamalaryň bir medresäni tamamlap, soňra beýleki bir ýurtda ýerleşýän medresä gidip, ylym-bilim öwrenmekleri, şonuň bilen bir hatarda bolsa daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri hem olaryň dürli kitaphanalarda bar bolan gymmatly kitaplary okamak isleginden ýüze çykandyr.
Her bir ynsanyň kitaba uly sarpa goýýandygyny biziň hemmämiz bilýäris. Çünki ýurduň islendik pudagynda, ilki bilen, halkyň aň-düşünje, milli medeniýet we ylym-bilim taýyndan galkynmagy zerurdyr. Bu ugurlaryň galkynmagynyň düýp binýadynda bolsa kitabyň orny diýseň uludyr. Mundan başga-da, ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde türkmen halkyny habarly jemgyýete öwürmek, ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän wakalar, ösüşler dogrusynda ähli ýerlerde maglumat edinip bilmek mümkinçiligini döretmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Jemgyýetçilik ulaglarynyň islendik görnüşine münenimizde radioýaýlymlaryň üsti bilen bize iň soňky täzelikler eşdirilýär. Şäheriň dürli ýerlerinde: kinokonsert merkezleriniň öňünde, iň gelim-gidimli ýerlerde, köp gatnawly ýollaryň ugrunda, mundan başga-da, aeroportlarda, wokzallarda, awtobus duralgalarynda oturdylan telewizorlaryň üsti bilen ýaýlyma berilýän gepleşiklere tomaşa etmek mümkinçiligi döredilýär. Indi mobil telefonlarda hem elýeterli edilen internet ulgamynyň üsti bilen hatda ýolda ýöräp barýarkak elektron gazetlere girip, şol ýerde ýurdumyzyň durmuşyna degişli ähli habarlary gyzgyny bilen okap bilýäris. Bu alnyp barylýan ähli işler bolsa ýurdumyzda habarly jemgyýeti kemala getirmek dogrusynda edilýän çäksiz aladanyň nyşanydyr.
Rana KURBANOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

