BIZE YAZYARLAR

Kitap we çaga dünýäsi

Biz okuwçylaryň diňe bir oňat ýetişigini gazanmak  bilen çäklenmän, çeper eserleri köp okamagy barada hem yzygiderli alada edýäris. Çünki kitap  bilimleriň çeşmesidir. Köp dilleri öwrendýän okuwçylarymyz daşary ýurt edebiýatynyň dürdäneleri bilen hem tanyşýarlar. Biz olara kitabyň ynsan saglygyna we dünýägaraýşyny ösdürmäge gowy täsir edýänliginni düşündirýäris.

Kitap okaýan çaganyň beýnisiniň işjeňliginiň artyp, gan aýlanyşygynyň güýçlenýäni barada bu ugurdan barlaglary geçiren ýörite hünärmenler habar berýärler. Bu bolsa kitap okaýan adamyň beýni öýjüginiň sagdyn bolýandygyna güwä geçýär. Kitap okamak ýatkeşligiň peselmeginiň öňüni alýar.

Çagalar kitap okamak arkaly heniz baryp görmedik dünýämize syýahat edýärler.

Kitap okalanda olar pikirlenmäge mejbur bolýarlar. Pikirlenilip öwrenilen maglumatlar bolsa, ýatda oňat galýar. Kitaby köp okaýan adamyň söz baýlygynyň köplügi sebäpli, gürrüňleri hem gyzykly bolýar.

Beden agzalarymyz näçe köp işlese, şonça-da olar kämilleşýär. Näçe az ulanylsa, işjeňlik ukyby pese gaçýar. ”Işleýändemir poslamaz” diýen ýaly kitapdyr gazet-žurnallary näçe köp okasak, şonça-da aňymyz ösýär.

Kitaphon kişiler ruhy we aň taýdan durnukly bolýarlar. Biz kitabyň üsti bilen sözlerimiz çeper beýan etmekligi, meseleleri aýdyň çözmegi öwrenýäris. Iş tejribämize ser salyp, bir hakykaty aýdyp biljek kitap okaýan adamlar has-da ünsli, ýatkeş bolýarlar.

Kitap okaýan çagalar matematika, fizika, himiýa we biologiýa ýaly derslere has-da başarjaň bolýarlar. Muňa olaryň pikirleniş we akyl ýetiriş ukyplarynyň ösenligi sebäp bolýar. Netijede okyjynyň kitaby köp okamagy netijesinde  pikirlenip, many çykarmagy kämilleip, aýratyn hem çalt okamak endigi ösýär.

Kitap okalýan wagty ünsüňi sowup bilýän zatlaryň bolmazlygyny gazanmaly. 

Okuw döwründe okuwçylaryň arasynda kitap okamak bilen baglanyşykly geçirilýän hepdelikler we bäsleşikler olaryň çeper edebiýata bolan höwesinni artdyrýar. 

Leýla Hamraýewa,

Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: