Adamyň islese bedew atlar bilen, islese-de alabaý itler bilen dostlaşmaga ukyplydygyny türkmen halkynyň taryhy ýoly açyk-aýdyň subut edýär. Alabaý bilen dostlugy halkymyza ynamly bolmaga, bedewler bilen dostlugy dogumly bolmaga mümkinçilik döredipdir. Şu ýerde türkmen halkynyň taryhda ýene-de bir gudratly güýç bilen dostlaşmaga mümkinçilik tapandygyny bellemeli. Türkmeniň ol dosty — kitap. Türkmen halkynyň kitaplar bilen dostlugyna göz ýetirmek üçin Gaznaly türkmen hökümdarlygy bilen Beýik seljuklar döwleti ýa-da Anuşteginler türkmen nesilşalygy — Horezmşalar döwletiniň taryhy bilen tanyş bolmak ýeterlik. Halkymyzyň beýleki guran we dolandyran ýetmiş töweregi döwleti babatda-da bu pikiri arkaýyn aýdyp bolar.
Alym Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem türkmeniň taryhy dosty bolan kitabyň aýratyn ähmiýetli orny bar. Kitap — ylym hazynasy. Dogry, «Döwlet guşy» romanynda kitaplar barada gürrüňe girişilse, okyjylaryň hakydasynda gözbaşyny Anna agadan, ýagny Anna serdardan alyp gaýdýan «Akyl sandygy» baradaky pikirler peýda bolar.
Elbetde, «Akyl sandygy» eseriň mazmunynyň esasy binýatlarynyň biri. Kitap, kitap okamak pikiri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ençeme kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýöne häzirlikçe, «Döwlet guşy» romanyndan başga bir parça ünsüňizi çekesim geldi. Romanda okuwçy çagalaryň arasyndaky çekeleşigi beýan edýän waka bar. Üns berseňiz, bu bäsleşigiň esasy maksady kimiň sowadynyň güýçlüdigini ýüze çykarmak. Mekdebiň dördünji klasynda okaýan Mälikguly bilen altynjy klasynda okaýan Şirmämmediň arasyndaky bu bäsleşik deň-duşlarynyň hem gyzyklanmasyny özünde jemleýär. Esasy belläsim gelýän zat, çagalaryň arasyndaky kimiň kitapdan näme almagy başarandygyny anyklamagyň ýaryşy. Bu gaty gowy usul. Çekeleşigiň düýp maksady kitapda şeýle beýan edilýär:
«Arakesmede altynjy klasda okaýan kelteje boýly Şirmämmet şelaýyn ýylgyryşy bilen, Mälikgulynyň ýanyna geldi:
— Altyn Garlyýewa ikinji klasda özüne gerek okuwçylary okatmagy saňa tabşyryp gidipdir diýýärler. Şol dogrumy?».
Özleriniň okuw derejesini aýdyňlaşdyrmak üçin çekeleşýän çagalar öz aralarynda eminler toparyny saýlaýarlar. Bäsleşik matematika dersi boýunça geçirilýär. Ýaryşyň anyk netijesi deňme-deň hasaplanylyp, çözgüt okyjylaryň özlerine goýulsa-da, bir hakykat «Aý dogan ýaly» aýan bolýar. Ol hem dördünji klasyň okuwçysy Mälikgulynyň ýedinji klasyň matematika kitabyndaky meseleleri, mysallary işlemegi özleşdirendigi, altynjy klasda okaýan Şirmämmediň bolsa ýedinji klasyň matematika kitabyndaky mysallardan habarsyzdygy, eýýäm netijäniň nähili tamamlanjakdygyny aýdyňlaşdyrýar.
Zamira MOWLÝANOWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň mugallymy.

