Adamzady biparh goýmaýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri kitapdyr. Kitap — egsilmez hazyna. Onuň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly sowallara jogap tapmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär.
Adamyň akyl hazynasy bolan kitap barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly, möhüm ähmiýetli kitaplarynyň atlaryny agzamak bolar. Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynda türkmen halkynyň bagtyýarlygy, ene topragymyzyň berekedi, taryhymyz we şu günümiz çeperçilik bilen beýan edilýär. Bu ajaýyp kitaplar Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, ajaýyp suratlar bilen bezelýär. Ol bolsa içki mazmuny bilen baýlaşyp, okyjyda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrýar. Bu eserler nesil terbiýesinde hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary dünýä dillerine terjime edilip, bütin dünýäde hem meşhurlyk gazanýar. Biz hormatly Prezidentimiziň täze çykaran kitaplaryny hem söýüp okaýarys. Mekdebimiziň okuwçylarydyr mugallymlary bolsa kitaphanamyza gelip uly buýsanç bilen çuňňur many-mazmunly, ajaýyp kitaplary okaýarlar. Bilşimiz ýaly, Arkadagy Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ylym-bilim, medeniýet we sungat, sport ulgamlaryny ösdürmek, milletimiziň bagtyýar geljeginiň ygtybarly girewi bolan ýaş nesillerimizi ýokary ahlakly, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek maksady bilen alyp barýan tutumly işleriniň daşyndan hem wagt tapyp, ajaýyp eserleri ýazýar. Bu bolsa nesil terbiýesinde mugallymlarymyza uly goldaw bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülnara EGEMBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.
