BIZE YAZYARLAR

Kitap okaýan dünýäni görer

Halk arasyndaky «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okamaýan bir dil biler, kitap okaýan kän dil biler», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» ýaly many-mazmunly jümleler ýöne ýerden dörän däldir.   Kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Ynsanyň çyn dosty, ýakyn syrdaşy. Dünýä belli alymlaryň biri: «Sen haýsy kitaby okaýanyňy aýtsaň, men seniň kimdigiňi aýdaryn» diýipdir. Megerem, kitap ynsanyň häsiýetini gowulyga tarap üýtgedip bilýän güýçdür. «Miweli agajyň başy aşak» diýlişi ýaly, kitaby köp okaýan adam agramly görünýär. Dünýä belli dana Platon: «Men kitaby okadygymça, hiç zat bilmeýänimi bildim» diýipdir. Meşhurlygy bilen özüni dünýä ykrar etdiren belli alymlaryň, danalaryň, akyldarlaryň kitaby köp okap şol derejä ýetendigine göz ýetirýäris.

Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr. Şoňa görä-de, kitap baky ýaşamak ukybyna eýedir, ynsanyň eden işiniň ýitip gitmejek, müdimi galjak ebedi miwesidir.

Ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilýän çözgütler esasynda hem ýurdumyzda kitaphana işi döwrebap kämilleşdirilýär. Diýarymyzda kitaphanalara berilýän goldaw-hemaýat has-da ýokarlanýar.

Ruhy kämilligiň mukaddes ojagy bolan kitaphanalar döwrebap ösüşleriň netijesinde häzirki wagtda maglumatlar giňişliginde mynasyp orun eýeleýärler. Kitaphanalarymyz iň ösen maglumat-kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Häzirki wagtda okyjylar diňe bir gözleýän kitaplaryny dessine tapmak ýa-da täze çykan kitaplaryň elektron nusgalarynyň elýeterliliginden peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, seýrek, ýeke-täk nusgadaky kitaplary hem elektron görnüşde okamaga mümkinçilik aldylar. Bu bolsa elektron tehnologiýalardan işjeň peýdalanyp, kitap okamagyň elýeterliliginiň çäklerini giňeltmäge, kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna hem-de okyjylara edilýän hyzmatlaryň kämilleşmegine uly ýardam edýär.

Ähli ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň gözbaşy kitaplardyr. Şol sebäpli kitaplar we kitaphanalar ylym-bilimi ösdürmekde tükenmez çeşme bolup hyzmat edýär.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwrankulyýew Çary

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: