«Kitap baýlykdyr» diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr. Kitap diňe bir gözýetimimizi giňeltmän, saglygymyza-da ynanylmaz derejede täsirini ýetirýär. Eýsem, kitap okamak bilen saglygymyzyň nähili baglanyşygy bar?
― kitap okaýan mahalymyzda, maglumatlar beýnimize uçgun ýalkymyny saçýar. Şeýlelikde, maglumatlary kabul ediş we olary ýatda saklaýyş ýollarynyň işjeňligi artýar
― şygyr okamak beýnini işjeňleşdirip, oňa barýan duýgy damarlaryny giňeldýär;
― yzygiderli kitap okaýan adamlaryň beýnisinde garramak duýgusy 32 göterim az bolýar;
― uly göwrümli eserler, meselem, romanlar okalanda, gahrymanlaryň adyny, bolup geçýän wakalary, dürli gapma-garşylyklary ýatda saklamaly bolýarys. Bu ýagdaýyň bolsa ýatkeşligimizi türgenleşdirýändigi öz-özünden düşnüklidir;
― kitap okaýan çagalar okamaýanlardan örän zehinli we dogumly bolýar.
― çaga kitap okanda täze sözleri telewizora tomaşa edenindäkiden 50 göterim çalt özleşdirýär;
― geçirilen barlaglara görä kitap okamak gaharjaňlykda-da haýyrlydyr;
― kitap okalýarka, degna dartgynlylygynyň 68 göterim peselmek mümkinçiligi bar;
― ýatmazdan öň kitap okalanda beýni bedene uklamaga çen bolandygyny duýdurýar. Bu bolsa bedenimiziň uka taýýarlanmagyny, şeýlelikde rahat uky almagymyzy üpjün edýär.
Gunça IŞANKULYÝEWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy.

