BIZE YAZYARLAR

Kitap okamagyň ähmiýeti

Mugallym hökmünde okuwçylarda haýsydyr bir ugra höwes döredilende ilki bilen onuň ähmiýeti barada maglumat berilse, olaryň bu babatda höwesiniň oýanmagyna oňaýly täsir edýär. Men ýaşlaryň okamaga bolan isleglerini ösdürmek üçin şeýle usuly işjeň ulanýaryn.
”Kitap okan gullar manydan dokdur” – diýen setirler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň galamyna degişli. Kitap okaýan adamyň beýnisiniň işjeňliginiň artyp, gan aýlanyşygynyň güýçlenýäni barada bu ugurdan barlaglary geçiren ýörite hünärmenler habar berýärler. Bu bolsa kitap okaýan adamyň beýni öýjüginiň sagdyn bolýandygyna güwä geçýär. Kitap okamak ýatkeşligiň peselmeginiň öňüni alýar.
Biz kitap okamak arkaly heniz baryp görmedik dünýämize syýahat edýäris.
Kitap okamymyzda biz pikirlenmäge mejbur bolýarsy. Pikirlenilip öwrenilen maglumatlar bolsa, ýadymyzda oňat galýar. Kitaby köp okaýan adamyň söz baýlygynyň köplügi sebäpli, gürrüňleri hem gyzykly bolýar.
Beden agzalarymyz näçe köp işlese, şonça-da olar kämilleşýär. Näçe az ulanylsa, işjeňlik ukyby pese gaçýar. ”Işleýän demir poslamaz” diýen ýaly kitapdyr gazet-žurnallary näçe köp okasak, şonça-da aňymyz ösýär.
Kitaphon kişiler ruhy we aň taýdan durnukly bolýarlar. Biz kitabyň üsti bilen sözlerimiz çeper beýan etmekligi, meseleleri aýdyň çözmegi öwrenýäris. Iş tejribämize ser salyp, bir hakykaty aýdyp biljek: kitap okaýan adamlar has-da ünsli, ýatkeş bolýarlar.
Kitap okaýan çagalar matematika, fizika, himiýa we biologiýa ýaly derslere has-da başarjaň bolýarlar. Muňa olaryň pikirleniş we akyl ýetiriş ukyplarynyň ösenligi sebäp bolýar. Netijede, okyjynyň kitaby köp okamagy netijesinde pikirlenip, many çykarmagy kämilleşip, aýratyn hem çalt okamak endigi ösýär.
Kitap okalýan wagty ünsüňi sowup bilýän zatlaryň bolmazlygyny gazanmaly. Okuwçylar bilen dynç alyş günlerinde kitaphanalara gezelençleri guramaly. Olaryň mekdep kitaphanasyndaky çeper eserleri okamagyny gazanmaly.
Çagalaryň çeper eserleri lezzet alyp okamaklary üçin olaryň dürli bäsleşikleri guramak olaryň kitap okamak endiklerini ösdürmekde has-da ähmiýetlidir.

Laçyn ISMAILOWA,
Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.