Kitap jemgyýetde adamlaryň durmuş kanunlaryndan baş alyp çykmagynda ýakyn kömekçi, möhüm serişde bolup durýar. Şonuň üçin her bir jemgyýetde kitap kitaphanalarda aýawly saklanylýar. Kitabyň gadyr-gymmatyna düşünen ata-babalarymyz öz öýlerinde gadymy kitaplaryň nusgalaryny saklap, olary nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar. Kitaby açylmadyk dünýä hasaplapdyrlar. Häzirki döwürde tehnikanyň ýokary derejede ösendigi, dünýäde elektron kitaphanalaryň döredilmegi gymmatly wagty tygşytlamaga uly kömek edýär. Bu kitaplar ýanyňda götermeklige ykjam hem-de wagtyň geçmegi bilen köp okalyp zaýalanmak, ýyrtylmak ýaly meseleleri aradan aýyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatlaryny, il-ýurt bähbitli işlerini okyjylar köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek işlerini has-da güýçlendirip, ösüp gelýän ýaş nesli belent ruhly, ylymly-bilimli, maksadaokgunly, watansöýüji adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Biziň mekdep kitaphanamyzda hem edebiýatlary toplamak we işlemek, kitaby aýap saklamak, usuly kitaphana, hormatly Prezidentimiziň eserlerini wagyz etmek ýaly bölümler hereket edip, olarda okyjylar üçin ýokary derejeli hyzmatlar ýola goýlandyr.
Okyjylary güler ýüz bilen garşylap, olaryň kitaba bolan islegini kanagatlandyrmak biziň baş maksadymyz. Bu mukaddes ojagyň gapysyndan girip, hoşal bolup gidýän okyjylaryň bagtyýarlygyny görenimizde, olaryň buýsançly sözlerini eşidenimizde, döwrüň belent ruhuna guwanjymyz goşalanýar. Kitaphanamyzda okyjylar bilen yzygiderli geçirilýän duşuşyklar olaryň nähili eserleri okamak isleýändigini bilmäge, olar bilen özara pikir alyşmaga ýardam berýär. Şonuň üçin hem kitaphanamyzda mekdebimizde zähmet çekýän mugallymlar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olar Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryny wagyz etmek bilen, edebiýat agşamlary, duşuşyklary, bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary, sesli okaýyşlary, kitap sergilerini guraýarlar. Ýurdumyzda kitaphana işini ösdürmeklige, ýaşlary milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns-alada bilen garaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Salamat NARZULLAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy.

