MEDENIÝET

“Kitap-dünýäniň açary”

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýeti bilen bilelikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz  Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý  many-mazmuna
ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe,
babatda görelde mekdebidir” diýen, parasatly jümlelerden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek, maksady bilen “Kitap-dünýäniň açary” atly söhbetdeşlik, ylmy-amaly maslahat, çagalaryň arasynda kitap şüweleňi geçirildi.

Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Şeýle-de kitaphananyň çagalar otagynda körpe jigilerimize ertekilerdäki gahrymanlary gurjaklaryň üsti bilen janlandyrylmagy çagalaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.