BIZE YAZYARLAR

Kitap deñsiz-taýsyz gymmatly hazyna

Kitap deñsiz-taýsyz gymmatly hazyna bolmak bilen, ol ynsanlaryñ aňyny ösdürmekde, olaryň özbaşdak pikirlenişini, labyzly okaýyşyny, sazlaşykly sözleýişini, öz şahsy pikirini erkin beýan edip bilmek ýaly başarnykdyr endiklerini kemala getirmekde, durmuşda bolup geçýän wakalara doly we dogry göz ýetirmegi öwretmekde, okan, öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda hem oňaýly serişde bolup hyzmat edýär.

Adamlar rahatlamak üçin seýil etmegi ýa-da aýdym diňlemegi makul görýär. Ýöne alymlar munuň ýerine kitap okamagy maslahat berýärler. Okamak nerw ulgamyny rahatlandyrmakda peýdaly usul hasaplanýar. Okamak ukusyzlykdan gutulmaga hem ýardam edýär. Hatyrjem bolmak we uklamaga ýardam edýän iň gowy zat kitapdyr. Telewizordan ýa-da telefondan ýaýraýan tolkunlar biziñ oýanmalydygymyz hakynda habar berýär. Kitap okamak bolsa tersine täsir edýär-beýniñ uklamaga wagty gelendigine düşünýär.

Köp okamak biziň bilimimizi ýokarlandyrmak bilen, daş-keşbimize hem täsir edýär. Her dürli mazmundaky söhbedi gurap bilmek söhbetdeşiň ynamyny hat-da dostluguny gazanmaga ýardam edýär.

Okamak durmuşdaky belli bir maksady saýlamaga we kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam edýär. Alymlar ynsan näçe köp kitap okasa, durmuş ýoluny şonça-da anyk we dogry saýlap alýandygyny anykladylar. Kitap okamak durmuşdaky päsgelçilikleri ýeňmäge kömek edýär diýip hem aýdýarlar. Sebäbi durmuşda ýüze çykýan köp sanly kynçylyklaryň kitap arkaly çözgütlerini tapyp bolýar. Beýle ýagdaýlarda kitap biziň iň ýakyn maslahatçymyz bolýar. Çünki kitaplar durmuş wakalary esasynda döredilýär. Okamak ýatkeşligi we pikirlenmek ukybyny kämilleşdirýär. Her gezek kitap okalanda beýni işjeň bolýar. Ol kabul edilýän täze maglumatlary saklamak üçin täze öýjükleri döredýär. Barlaglarda anyklanylanlara görä, mydama kitap okaýan adamlarda pikirlenmek ukyby beýlekileriňkä seredende haýalrak peselýän eken.

Okamak söz baýlygyňyzy we başarnygyňyzy artdyrýar. Kitap okalýan wagtynda nätanyş sözler hem duş gelýär. Olaryň manysyny sözlemiň mazmuny boýunça hem bilip bolýar. Her okan kitabyňyzda görýän, ýöne gündelik durmuşda ulanmaýan sözleriňize duşarsyňyz. Emma muňa seretmezden, şol sözüň düýp manysyny anyklamak üçin biz köp kitaplary agtarýarys. Şol pursatda bolsa ýene-de köp maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik gazanýarys. Diýmek, bir we birnäçe nätanyş sözleri öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, maglumatlar goruna hem eýe bolýarys.

Hemraýewa Gülhan

Çärjew etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: