BIZE YAZYARLAR

Kitap çäksiz deňizdir

Okyjylar maslahatlaryny, kitap hepdeliklerini we sergilerini guramak arkaly okuwçylarda bilimleri, başarnyklary, endikleri kemala getirmekde çeper eserlere, gyzykly kitaplara aýratyn orun degişlidir. Kitaplaryň döreýiş taryhy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.
Gadymy Şumerde, Assiriýada, Müsürde mundan bäş müň ýyl ozal dürli hili ýazuwlar döräpdir. Hatdatlar toýun palçygyndan edilen sahypa hat ýazyp, onam otda bişiripdirler. Emma bu usul oňaýly bolmandyr, sebäbi «Görogly» ýaly ullakan eseri ýazmak üçin müňlerçe sahypa gerek bolupdyr. Ýeri, ol kitaby satyn alaýdyň-da, öýüňe nädip alyp gaýtjak?!
Soňra geçileriň, keýikleriň derilerini eýläp, onuň ýüzüne ot bilen daglap ýazypdyrlar. Beýle usul hem çylşyrymly, üstesine çykdajysy köp bolupdyr. Ýadyňyza salyň, otparazlaryň keramatly kitabynyň doly teksti altmyş öküziň hamyna ýazylypdyr. Soňra papiruslar ýüze çykypdyr.
Kitap oýlanyp tapylaly bäri bolsa adamzadyň döredijliginiň belli bir bölegi kitaba girip, geljekki nesillere ýadygärlik galyp başlapdyr. Kitap her bir halkyň özüne diken ýadygärligidir. Dünýä edebiýatynda bakylyga öwrülen eserler, gahrymanlar bar. Şol bakylygy gazanan eserler, gahrymanlar kän, bu adamzadyň ruhy
dünýäsiniň baýlaşandygynyň kepili. Şekspiriň Gamleti, Otellosy, Serwantesiň Don-Kihody, Molýeriň Don-Juany, Gýotäniň Fausty, Baýronyň Manfredi, Matýureniň Melmaty, Tolstoýyň Anna Kareninasy, Çingiz Aýtmatowyň Jemilesi dünýä edebiýatynyň buýsanjy, genji-hazynasy. Ol gahrymanlar – umumadamzat
durmuşynyň gahrymanlary, ýüreklerde öçmejek orun alan gahrymanlar.
Aýdymlary ýerine ýetirýän adamlara aýdyjy bagşylar diýilse, rowaýatlary gürrüň berýän adamlara rawylar diýlipdir. Gyzykly hekaýatlary teatrlaşdyrylan görnüşde halkyň öňüne çykyp ýerine ýetirip berýän adamlara bolsa ýaýanda-göýendeler diýlipdir.
Dünýä, älem durşy bilen pynhan syr. Zeminde ynsan ýene näçe müň ýyl ýaşasa, şonça-da ol dünýäni, adamzady düşündirmäge jan eder. Kitabyň gujagyndan teatr sungaty çykdy. Teatrlar janly kitaplardyr. Kitabyň gujagyndan kino, telewideniýe çykdy. Elbetde, olar hem janly kitaplardyr.
Görnükli arheolog W.Saruanidi ýeriň bäş-alty metr aşagyndan 3,5-4 müň ýaşly Marguş döwletiniň yzlaryny tapdy. Bäş müň ýaşly Altyndepe, Oguz han döwletiniň yzlary bolsa, ýigrimi bäş – ýigrimi ýedi metr ýeriň aşagyndan tapyldy, ýyllar olaryň üstüni gum bilen örtüpdir.
Bu gymmatly baýlykda adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda bilimde we ylymda gazananlary, akyl-paýhas mirasy jemlenendir. Şol sebäpli halkymyzyň kitaba goýýan sarpasy nusgalykdyr. Şahyryň obrazly aýdyşy ýaly, türkmen diňe kitabyň öňünde başyny egýär. Bu röwşen ýörelge asyrlaryň, heňňamlaryň içinden geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiz bilimleriň çeşmesi bolan kitaba daýanmak arkaly ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine ynamly alyp barýar. Kitap ýüreklere barýan ýollary birleşdirýän akabadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize sowgat eden kitaplarynda başlarymyzyň täji bolan ata Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent derejeler, amala aşyrylan ösüş-özgerişleri, gazanylan halkara at-abraý ýokary çeperçilik derejesinde beýan edilýär. Bu kitaplar okyjylarymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýeri gelende hormatly Prezidentimiziň ýazan ähli eserleriniň uly höwes bilen okalýandygyny belläsim gelýär. Men çagalarda kitap okamaga höwes döretmek maksady bilen dürli çäreleri gurap durýaryn. Ýaşlaryň kitaba teşnedikleri bolsa örän guwandyrýar.
Kitap hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullugyňa häzir bolan wepaly hyzmatkärdir. Ol Watanyňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşlaryňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhuňy göterýän ylhamdyr.

Mahym KARAŞEWA,
Saýat etrabyndaky Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň kitaphanaçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: