Kitap — bilimiň çeşmesi
Kitap adamyň ruhy dünýäsine egsilmez güýç-kuwwat berýär. Geçmişimize nazar aýlasak, ruhy baý halkymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň, hormatynyň näderejede beýikdigine guba düýesini bir kitaba çalşan ata-babalarymyzyň bolandygyndan hem göz ýetirýäris. Kalplara barýan ýol kitaplardan gözbaş alýar. Kitap — bilimiň çeşmesi. Okyjy kitaby özüne ýoldaş edinip, älem-jahana gaýybana syýahat edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmenleriň kitaba goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Şeýle-de kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we ruhy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam bolsa ruhy garyplykdan ejir çekýändir. Ylym — akyly, akyl — kalby, kalp — zybany, zyban bolsa adamy herekete getirýändir. Bu günki gün ýurdumyzda türkmeni äleme tanadan, dünýä ylmyna we medeniýetine ägirt uly goşant goşan alymlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň eserlerini öwrenmek hem-de okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär. Soňky sanlyja ýylyň içinde dünýä derejesindäki döwrebap kitaphanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň onlarçasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi döwletimizde kitapsöýüji neslimiziň, ylym-bilimli ýaşlaryň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir
Okamagyň, has dogrusy çuňňur many-mazmunly kitaplaryň durmuşymyza, bagtly geljegimize ýetirýän täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin medeniýetimiziň çeşmesidir. Hormatly Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda şeýle belläp geçýär : “Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär.”
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, ýokary derejede kämil bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem ruhy baýlygymyz bolan kitaplary köp okap, bilimimizi artdyryp, Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşarys.
Azatjanowa Gülnaza
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby