BIZE YAZYARLAR

Kitap ähli bilimleriň çeşmesidir

Kitap okaýan adamyň beýnisiniň işjeňliginiň artyp, gan aýlanyşygynyň güýçlenýändigi  barada bu ugurdan barlaglary geçiren ýörite hünärmenler habar berýärler. Bu bolsa kitap okaýan adamyň beýni öýjüginiň sagdyn bolýandygyna güwä geçýär. Kitap okamak ýatkeşligiň peselmeginiň öňüni alýandyr. Biz kitap okamak arkaly heniz baryp görmedik dünýämize gaýybana syýahat edýäris.

Kitap okanymyzda biz pikirlenmäge mejbur bolýarys. Pikirlenilip öwrenilen maglumatlar bolsa, ýadymyzda oňat galýar. Kitaby köp okaýan adamyň söz baýlygynyň köplügi sebäpli, gürrüňleri hem gyzykly bolýar.

Kitaphon kişiler ruhy we aň taýdan durnukly bolýarlar. Biz kitabyň üsti bilen sözlerimizi çeper beýan etmekligi, meseleleri aýdyň çözmekligi öwrenýäris. Kitap okaýan adamlar has ünsli, ýatkeş bolýarlar.

Kitap okaýan çagalar matematika, fizika, himiýa we biologiýa ýaly derslere has-da ökde bolýarlar. Muňa olaryň pikirleniş we akyl ýetiriş ukyplarynyň ösenligi sebäp bolýar. Okyjynyň kitaby köp okamagy netijesinde  pikirlenip, many çykarmagy kämilleşip, aýratyn hem çalt okamak endigi ösýär.

Şonuň üçin biz — geljekki bilim işgärleri hem çagalarda kitap okamaga bolan söýgini ösdürmekde yhlasly zähmet çekeris. Olaryň kitaphanalar bilen ýygy aragatnaşyk saklamaklaryny ýola goýarys. Köp kitap okaýan çagalaryň arasynda bäsleşikleri gurarys. Çünki akyldarlaryň aýdyşy ýaly, kitap ähli bilimleriň çeşmesidir.

Gülsün Şöhradowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: