BIZE YAZYARLAR

Kitap ― ylym-bilimiň hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda türkmen halky milli baýramlaryny uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde belleýär. Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaphana işini döwrebap ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerinde hem döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Kitaphanalar ylmyň we medeniýetiň merkezidir. Gahryman Arkadagymyz taryhymyza we medeniýetimize çuňňur sarpa goýmak bilen, köp sanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň, bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Jemal HOJAMOWA,
Saýat etrabynyň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.