BIZE YAZYARLAR

Kirişli gurallar beýik Ýeňşi wasp etdi

Ýeňiş güni mynasybetli Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde bu bilim ojagynyň «Kirişli saz gurallary» bölüminiň mugallymlary Gülbibi Azimowanyň we Ýulduz Arslanowаnyň ýolbaşçylygynda okuwçylaryň konserti geçirildi.

Konsert mekdebiň ikinji synp okuwçysy Milara Tahyrjanowanyň ýerine ýetirmeginde F.Zeýtsiň «Konsert G-dur» atly eseriniň üç bölümi we Çary Nurymowyň «Eser» atly işi bilen başlady. Soňra Milaranyň synpdaşy Anora Annaberdiýewa A.Komarowskiniň «Konsertino» we Weli Muhadowyň «Suw gelýär» atly eserlerini ýerine ýetirdi.

Şu synpdan Hursant Kuzyýewanyň ýerine ýetiren «Sonatina» (N.Baklanowa) we «Şatlyk tansy» (W.Muhadow) atly eserleri hem täsirli boldy. Konserte gatnaşyjylar birinji synpyň okuwçylary Selbi Kerimowa bilen Diana Illiýewanyň çykyşlaryna hem ýokary baha berdiler.

Konsertde Gülbibi mugallymyň 7-nji synp okuwçylary Mähri Zakirjanowa bilen Leýli Rejepalyýewa hem türkmen kompozitorlarynyň birnäçe eserini ýerine ýetirip, okuwçylara gowy görelde görkezdi. Mugallymyň ikinji synp okuwçysy Nurana Akmämmedowanyň («Andante», Ý.Gaýdn), üçünji synp okuwçysy Leýli Erkinjanowanyň («Çagalaryň aýdymy», D.Nuryýew), bäşinji synp okuwçysy Nurana Umirowanyň («Presto», Ž.Ober) we dördünji synp okuwçysy Arzuw Annamyradowanyň («Tamburin», L.Ober) eserleri hem gyzgyn garşylanyldy.

M.Blanteriň meşhur «Katýuşasy» we M.Şeýmanyň «Addamsyň maşgalasy» atly eserleri bu gezek mekdebiň kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Skripkada çalnan sazlaryň aýdymy hem bilelikde ýerine ýetirildi.

 

Konserte «Fortepiano» bölüminiň mugallymlary Marina Gorbunowa, Nerses Zaharýans we Aýlar Annaýewa dagylar sazandarlyk etdiler.

Suraý Sardarýan, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň

«Kirişli saz gurallary» bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: