Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sungatynda, medeniýetinde täze bir sahypany açdy. Ol sahypadan başlanan ýoluň ugrunda döwrümiziň özboluşly keşbini emele getirýän täze-täze eserleriň owazasy dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Milli gymmatlyklar, medeniýet, sungat halklaryň biri-birine ýüreginiň açylmagydyr” diýen paýhas dürdänelerinden ugur alyp Lebap welaýat ýörite sungat mekdebimizde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Jemal Hudaýberdiýewa özüniň “Kirişlerde ýaňlanýan Täze ýyl nagmalary” atly görnükli türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen synp konsertini geçirdi. Täze ýylyň şatlykly ruhuny kirişli saz gurallaryň inçe owazlaryny we sungatyň bahasyna ýetip bolmajak güýjüni özünde jemlän bu konsert diňleýjilere baýramçylyk duýgularyny bagyşlady. Dabaranyň açylyş pursadynda sungatyň özi üçin iň gözel hem oňaýly ýer diýip ynsan kalbyny saýlandygy barada şahyrana setirler ýaňlandy. Konsert programmasy dürli döwürleriň eserlerine baý bolup, her bir talyp ýerine ýetiren eserinde öz ukyp başarnygyny, mugallymyň dyngysyz çeken zähmetini aýdyň görkezdi. Ilkinji ýaňlanan eser “Pelek ömrüm” Saparmämmet Mämmiýew: ýerine ýetiren I ýyl talyp Laçyn Hudaýbergenowa. Talybyň birinji ýyllygyna garamazdan ýerine ýetiren eserine aýratyn häsiýet, ruhy duýgy berip bilmegi saz ukybynyň aýratynlyklaryny açyp görkezdi. Kirişli saz gurallary üçin birnäçe konsertleriň awtory Italýan barokko döwrüniň iň meşhur kompozitory, skripkaçy, mugallym Antonio Wiwaldiniň ‘’II skripka üçin konserti’’ ýaňlandy. Bu eseri II ýyl talyp Enejan Nuryýewa III ýyl talyp Seýtiýewa Ogulgerek ýerine ýetirip, talyplar eseriň üsti bilen öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezdi. Bellemeli zatlarymyzyň ýene biri, haçanda sazanda bir özi ýerine ýetirende jogapkärçiligi özünde duýýar, emma iki bolup ýerine ýetirilende bu ýerde iki ýerine ýetirijiniň arasynda hökmany suratda ansamblyň döremegi gerek. Talyplar sahnada dörän ansambly görkezmegi başardy.
Türkmen saz we folkloryny klassik rus sazynyň dili bilen birleşdirip, türkmen saz sungatynyň we operasynyň ösmegine möhüm goşant goşan rus kompozitoryň biri hem Adrian Şapoşnikowdyr. Konsert kompozitoryň “Poema” eseri bilen II ýyl talyp Enejan Nuryýewanyň ýerine ýetirmeginde dowam etdi. Poema bu saz dilinde romantik döwrüniň meşhur akymlarynyň biri bolup, kompozitoryň bir tema boýunça sazly surat çekmegidir.
Konserdiň dowamynda Awstriýanyň iň ussat skripkaçylarynyň biri XX asyryň zehinli kompozitory, beýik aýdym-saz ussady Fritz Kreisleriň “Şatlyk söýgüsi” Enejan Nuryýewanyň we Ogulgerek Seýtiýewanyň, “Söýgi azaby” Ogulgerek Seýtiýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Eserde adyndan belli bolşy ýaly söýginiň bar ýerinde şatlyk hem azabyň bardygy belli bolýar. Talyplar eserleriň üsti bilen söýgi lirikasyny aýdyň häsiýetlendirmegi başardylar.
Türkmen saz sungatynyň iň şöhratly şahsyýetleriniň biri kompozitor, pedagog, şahyrana – liriki owazlaryň ussady Nury Halmämmedowdyr. Onuň sazlary milli lirizimiň, halk ruhynyň we häzirki zaman professional saz mekdebiniň ajaýyp utgaşmasydyr. Kompozitoryň eserleri psihologiki we ruhy teswirlere baýlygy bilen birleşdirýär. Sazanda bolup Nury Halmämmedowyň eserlerini ýerine ýetirmedik ýok bolsa gerek. Konsertiň dowamynda hem kompozitoryň “Skripka we Fortepiano” üçin döreden sonatasynyň I bölümi, IV ýyl talyp Kerimowa Gülşadyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Talyp eseriň üsti bilen skripka saz guralynda ýerine ýetirijilik ukyp başarnygyny görkezmegi başardy. Ýene-de skripka we fortepiano üçin ýazylan sonatalaryň biri kompozitor Çary Nurymowyň sonatasydyr. Bu eseriň III bölümi IV ýyl talyp Arutýunýan Grandyň ýerine ýetirmeginde diňleýjilere ýetirildi.
Konsertiň dowamynda diňe bir XX asyryň kompozitorlaryna mahsus bolan eserler çalynman, eýsem häzirki zaman türkmen kompozitory, milli halk äheňleriniň baýlygyny häzirki döwür saz dili bilen utgaşdyrmagy özüne mahsus eden türkmen kompozitory Akmyrat Rejepowyň eserleri ýaňlandy. Ol esasan orkestr eserleri, halk saz gurallary üçin ýazylan kompozisiýalar hem-de liriki ruhly sazlar bilen giňden bellidir. Skripka saz guralynda milli äheňi “Konsertino” eserinde häsiýetlendiripdir. Bu eseri mugallym Jemal Hudaýberdiýewa we IV ýyl talyp Karimowa Nargis bilelikde ýerine ýetirdiler. Eser diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
“Kirişlerde ýaňlanýan Täze ýyl Nagmalary” diňe bir baýramçylyk konserti bolman, eýsem diňleýjiniň kalbyny täze ýylyň umydy, ýagşy niýetleri we ösüş joşguny bilen dolduran sungat çäresi hökmünde ýatda galdy. Konsert häzirki zaman Türkmenistanyň zehinli kompozitorlarynyň biri, türkmen saz mekdebiniň täze tolkunynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýän Amandurdy Agajykowyň “Aýly Agşam” eserini täzeçe öwüşgin bilen işlän kompozitor Röwşen Nepesowyň “Türkmen tango” eseri bilen jemlendi. Eseri mugallym Jemal Hudaýberdiýewa mekdebimiziň uçurymlary Kerimowa Gülşat, Arutýunýan Grant, Karimowa Nargis bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Ýüreklerde öçmejek yz galdyran bu owaz her bir diňleýjiniň kalbynda tolgunma döretdi. Bellemeli zatlarymyzyň ýene biri konsertde çykyş eden her bir talybyň ýerine ýetiren eserinde fortepiano saz guralynda sazandarlyk eden mekdebimiziň ussat sazanda mugallymlary Tokarewa L., Arslanowa A., Han T. özleriniň ýerine ýetirijilik ukyplaryny we eserlerde fortepianoda häsiýetlendirilýän temalary aýdyň suratlandyryp, skripka we fortepiano saz guralynyň ansamblyny duýmagy başardylar.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Jemal Hudaýberdiýewanyň şu konsertinde öz synpynyň talyplary bilen irginsiz zähmet çekýändigine göz ýetirdik. Talyplaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýene bir ädim öňe gitmäge itergi berdi.
Täze ýyl ähli umytlaryň, täze başlangyçlaryň we bagtyýarlyklaryň şanly dabarasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, külli Türkmen halkymyzyň täze ýyl baýramçylygy gutly düşümli ýyl bolsun!
Humaý DÖWRANOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy.
