DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kino ýyldyzynyň gelmegine taýýarlanmak üçin Halkara älem stansiýasynyň orbitasyny peselderler

«Союз МС-19» korablynyň uçurylmagyna görülýän taýýarlygyň çäklerine 24-nji sentýabrda Halkara älem stansiýasynyň orbitasynyň nobatdaky gezek düzederler. Bu barada Roskosmosyň» geçen anna güni ýaýradan habarynda aýdylýar, diýip «ТАСС» ýazýar.

«Союз МС-19» korably uçurmak 5-nji oktýabra meýilleşdirilen. Esasy ekipažyň düzümine kosmonawt Anton Şkaplerow. Aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko girýärler. Dublýorlar — komonawt Oleg Artýomýew, Aktrisa Alýona Mordowina we operator Alekseý Dudin. Olar älem stansiýasynda ilkinji çeper filmi surata düşürerler.

Häzir stansiýanyň bortunda ekipažyň ýedi agzasy:  «Roskosmosyň» kosmonawtlary Oleg Nowiskiý we Pýotr Dubasow, «NASA»-nyň astronawtlary Mark Wande Haý, Şeýn Kombrou we Megan Makartur, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Toma Peske, şonuň ýaly-da «JAXA»-nyň astronawty Akihiko Hoside bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: