JEMGYÝET

Kilimçileriň obasy: Daşrabatda daragyň sesi çykmaýan öý ýok

Lebap welaýatynyň Daşrabat obasy özüniň üýtgeşik kilim dokamak sungaty bilen tanalýar. Bu ýerde halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda dowam edýän kilimçilik sungatynda baharyň reňkini ýada salýan gülgüne reňkli ýüpler esasy orun tutýar.
Obanyň ussat kilimçileriniň aýtmagyna görä, hakyky kilim ýaz ýüňünden we iki gat ýüpden dokalyp, ol berkligi hem-de iki ýüzüniň hem ulanylyp bilinmegi bilen tapawutlanýar. “Gyýma” we “bökme” ýaly çylşyrymly dokalys usullary bolan bu sungatda “goçgar şah” we “guşuň aýak yzy” ýaly gadymy nagyşlar häzirki günlerde hem uly yhlas bilen kilimlere salynýar.