SPORT WE SYÝAHAT

Kikboksing boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde kikboksing boýunça 2010—2013-nji ýylda doglan çagalaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligi tamamlandy. Oňa Türkmenabat şäherinden dört topar, Çärjew, Dänew etraplarynyň, şonuň ýaly-da Ahal welaýatynyň toparlary gatnaşdylar.

Güýçlüleriň hataryna goşulmak üçin 192 ýaş türgen göreşdi. Olaryň 10-sy bolsa gyzlardyr. Toparlaýyn hasap boýunça baýrakly orunlaryň hemmesini Türkmenabat şäheriniň türgenleri eýelediler. 11 sany birinji, şonça ikinji we 18 sany üçünji orunlary eýelän 6-njy sport mekdebiniň topary birinji orna mynasyp boldy. Bu mekdepden ýaryşlara 100 türgeniň gatnaşandygy hem bellärlikldiir. 5 sany birinji, 8 sany ikinji we 7 sany üçünji orunlary eýelän  Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebiniň türgenleri hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň kikbosçylary bolsa 2 sany birinji, 1 sany ikinji we 5 sany üçünji orun bilen üçünji orny eýelediler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: