Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde geçirilen kik-boksing boýunça welaýat çempionlygy üçin geçirilen ýaryş giň gerimde guralyp, welaýatyň dürli künjeklerinden geldi-deň ýygnanan ýaş türgenleriň gatnaşmagy bilen özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Welaýat merkezi bilen bir hatarda Dänew we Çärjew etraplaryndan gelen jemi 223 ýaş kik-boksçy ýaryşda öz ussatlyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldy. Ýaş aýratynlyklary boýunça toparlara bölünip geçirilen duşuşyklar zehinli türgenleriň taýýarlyk derejesini äşgär edip, ýaryşa gatnaşyjylaryň her biri ýeňiş üçin tutanýerli göreş alyp bardy.
Netijede dürli derejedäki baýraklara jemi 85 türgen mynasyp boldy. Baýrakly orunlaryň aglabasyny türkmenabatly türgenler eýeläp, toparlaýyn hasap boýunça hem öňdeligi saklap bildiler. Şäherimiziň 6-njy hem-de 3-nji sport mekdeplerinden çykyş eden türgenleriň çykyşlary eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Şeýle-de Dänew etrabynyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, toparlaýyn üçünji orna eýe boldy. Bu ýaryş ýaşlarda sport bilen meşgullanmaklygy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän netijeli çäreleriň biri hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.
Kik boksing boýunça Lebabyň çempionaty geçirildi
25
Nov
