Akyldar pederimiziň “Hasta bolmazdan burun” diýen pähiminden ugur alyp, saglygy
goramagyň iň ygtybarly ýoly — keselleriň öňüni almakdyr. Nädogry iýmitlenmek,
yzygiderli dartgynlyk, hereket azlygy, artykmaç agram ýaly endikler birnäçe hroniki
näsazlyklara ýol açýar. Şonuň üçinem her birimiz gündelik durmuşda sagdyn endiklere eýermek, wagtal-wagtal lukmançylyk barlagyndan geçmek we öz saglygymyza jogapkär çemeleşmek bilen köp keselleriň töwekgelçiligini ep-esli azaldyp bileris.
Süýji kesel (diabet): sebäpler we bellikler
Süýji kesel aşgazanasty mäziň β-öýjüklerinden bölünip çykýan insulin gormonynyň
ýetmezçiligi ýa-da oňa dokumalaryň duýdansyzlygy netijesinde emele gelýän endokrin keseldir. Netijede, ganda glýukozanyň derejesi ýokarlanýar, uglewod, ýag we belok çalşygynda giň gerimli üýtgeşmeler ýüze çykýar. Aç ýagdaýda sag adamlarda gan şekeri adatça 4,0—6,6 mmol/l töwereginde bolýar. Süýji keselinde bu görkezijiniň 7 mmol/l-den ýokary bolmagy mümkin, käte 20—30 mmol/l-e çenli hem ýokarlanyp biler. Keseliň döremegine genetiki meýillilik, semizlik, uzak dowam edýän dartgynlyk, göwrelilik döwrüniň metabolik üýtgemeleri, bagyr we ýokanç keseller, agyr şikesler hem-de hirurgiki operasiýalardan soňky ýagdaýlar täsir edip biler. Alkagolly içgiler aşgazanasty mäze we bagra ýaramaz täsir edip, howpy artdyrýar.
Diabete mahsus alamatlaryň hatarynda köp peşew etmek, suwsamak, agyz-dodagyň
guramagy, ýadawlyk, agramyň peselmegi, deri-deriasty ýag gatlagynyň guralmagynyň bozulmagy, dabanda jaýryklar we kömelekli ýaralaryň döremegi bar. Wagtynda gözegçilik bolmasa, ýürek-damar, böwrek, göz (görüş torçasy), aýak damary ýaly nyşanalarda zeperlenmeler ýüze çykyp, maýyplyga getirip biler. Şonuň üçin ganyň şekeriň derejesine yzygiderli gözegçilik etmek, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda iň möhüm ädimdir.
Bejergi we özüňe gözegçilik: netijä eltýän ýol
Insuliniň lukmançylykda ornaşdyrylmagy (1921—1922) diabetologiýanyň taryhynda
täze sahypa açdy: wagtynda we dogry bejergi alan näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy sag adamlaryňky bilen deňeşer derejä geldi. Häzirki bejergi toplumlaýyn ýörelgä esaslanýar:
– Berhiz (iýmit düzüminde ölçeglilik, uglewodlaryň hiline we möçberine
gözegçilik);
– Dermanlar (gandy peseldiji serişdeler ýa-da insulin — diňe lukman maslahatyndan soň);
– Hereket düzgünleri (yzygiderli bedenterbiýe, agramy kadada saklamak); – Gözegçilik (öý şertlerinde glýukometr arkaly gan şekeriň yzygiderli ölçelmegi, planly barlaglar);
– Ýoldaş keselleriň öňüni almak (gan basyşy, lipid spektri, bagyr-böwrek funksiýalaryna seretmek).
Şol çäreler tertipli ýerine ýetirilende, gan şekeriň derejesini kadalaşdyrmak, gaýraüzülmeleriň töwekgelçiligini peseltmek mümkin bolýar. Her ýylyň 14-nji noýabry — Bütindünýä Diabete garşy göreş günüdir. Bu sene jemgyýeti habardarlyk ösdürmäge, öňüni alyş çärelerini giňden ornaşdyrmaga çagyryşdyr. Geliň, zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn iýmitlenmegi, bedenterbiýäni we lukman maslahatyny adaty endige öwürüp, kesellerden uzakda ýaşalyň — sagdyn jemgyýet biziň her birimiziň gündelik jogapkärçiligimizden başlanýar.
Miwe NURYÝEWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap welaýat saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň endokrinolog lukmany.
