BIZE YAZYARLAR

Keseliň öňüni alanyň ýagşy

Ählimize mälim bolşy ýaly, oktýabr aýy «Süýt mäzleriniň howply döremelerine garşy göreş»  aýy diýlip yglan edildi. Bu ugurda  welaýatymyzda  birnäçe işler amala aşyryldy. Has takygy, bu ugurda Lebap welaýat  onkologiýa hassahanasynda howply keseliň öňüni almak we bejermek
boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çözgüdi bilen, 1993-nji ýyldan bäri oktýabr aýy «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş aýy» diýlip yglan edilýär. Bu mynasybetli her ýylda bolşy ýaly, Lebap welaýat onkoogiýa hassahanasynyň guramagynda süýt mäzleriniň howply döremeleriniň öňüni almak, ir ýüze çykarmak, anyklamak, netijeli bejergisini üpjün etmek maksady bilen çäreler geçirilýär. Olara welaýatyň onkolog, rentgenolog, mamolog lukmanlary özleriniň degerli maslahatlary bilen çykyş edýärler. Bulardan başga-da çärelere Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri hem gatnaşyp, özleriniň tejribesini paýlaşýarlar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi, ýokanç däl, şol sanda olaryň agramly bölegini düzýän onkologiki keselleriň öňüni almak taýdan täze derejä galdyrmaga
örän ähmiýetlidir.
Bütin dünýäde onkologiki, ýagny howply täze döremeler bilen kesellemek ösüşe ýykgyn edýär. Bu keseliň käbir görnüşlerinde has göze ilginç ösüş bar. Şolaryň hatarynda süýt mäzleriniň täze howply döremelerini görkezip bileris. Zenanlarda 30-50 ýaşlarynda, köplenç, süýt mäzlerinde duş gelýän mastopatiýa keseli gabat gelýär. Bu keseliň wagtynda öňü alynmadyk ýagdaýynda täze howly döremelere çenli baryp ýetýändigini ýatladasymyz gelýär. Çünki her bir zenanyň wagtly–wagtynda aýal we momolog lukmanlarynyň barlagynda geçip, olaryň maslahatlaryny almagy zerurdyr.
Mastopatiýa howply kesel däldir. Ýöne süýt mäzleriniň dokumalarynda çişleriň, gatylaryň döremegine çenli eltýän üýtgemeleriň ýüze çykmagyna howwatyrlanmaga esas bolýar. Kesel irki döwürlerde dermanlyk otlary, ýokumlary, ýodly tebigy serişdeleri kabul etmek araly düwünleriň emele gelmegini durzup bolýar.
Ýurdumyzda  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli keselleriň, howply täze döremeleriň öňüni almak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynsan saglygy ugrunda edýän ummasyz aladalary, giň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işlemäge döredýän mümkinçilikleri üçin ähli lukmanlaryň adyndan sagbolsun aýdýarys.

Tahyr TOÝLYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň momolog lukmany.