Kerkiniň orta mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär
Şu günler Kerki etraplarynyň orta mekdeplerinde «Edepli ýaşlar — Watanyň geljegi» diýen at bilen geçirýän wagyz-nesihat çärelerimiz hem ýaş nesliň arasynda uly gyzyklanma döredýär.
Guramamyzyň işjeň agzalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, kitaphanaçylaryň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle çärelerde il sylagly ýaşulularymyzyň, halypa mugallymlarymyzyň edep-terbiýäniň, görüm-göreldäniň derwaýys meseleleri dogrusyndaky täsirli çykyşlaryna giň orun berilýär. Çykyşlarda halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ýaşlaryň terbiýesinde orun almagynyň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. Bagtyýar ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dürli hünärlerden baş çykarýan ylymly-bilimli, sagdyn
ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaýarlar.