Kerkili zenan kärendeçi ýerinden 100 tonna pagta tabşyrmagy meýilleşdirýär
Kerki etrabyndaky Osman Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň arasynda Annagül Penjiýewa aýratyn tapawutlanýar. Ol üstümizdäki ýylda daýhan birleşiginiň çägindäki 19 gektar kärende ýerinden pagtanyň bol hasylyny almagy başardy.
Has takygy, kärendeçi zenan meýilnama laýyklykda, 62 tonna pagtany döwlet harmanyna tabşyrmalydy. Annagül tutuş maşgalasy bolup, irginsiz zähmetiniň netijesinde 76 tonna pagta hasylyny ýygnap, eýýäm birinji ýygymda meýilnamany artygy bilen berjaý etdi.
Gaýratly zenan welaýat neşirine beren interwýusynda ýygymyň soňuna çenli jemi 100 tonnadan gowrak hasyl almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.