YKDYSADYÝET

Kerkili ýüpekçi 2 tonna golaý pile tabşyrdy

Toprak bilen syrdaş bolup, onuň dilini tapmagy başaran adam üçin ene ýer hemişe egsilmez hazynasyny eçilýär. Halal zähmetiň gadryny bilýän ilimizde daýhan hemişe hormatlanýar, sylanylýar. Şeýle zähmetsöýer ildeşlerimiziň biri hem Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, tejribeli kärendeçi Annagül Penjiýewadyr.
Annagül Penjiýewa 2008-nji ýyldan bäri kärendeçi bolup zähmet çekýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ol daýhançylygyň inçe syrlaryny ele alyp, bugdaý, pagta we pile öndürmekde baý tejribe toplady. Ol ýylyň her paslyny zähmet bilen garşylap, ene topragyň berekedini artdyrmagy ömrüniň esasy maksadyna öwürdi.
Şu ýylky pile möwsümi Annagül gelneje üçin has-da düşümli boldy. Ol 635 gram gurçuk tohumyny alyp, ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmegiň, gije-gündiz yhlas bilen garaşyk etmegiň netijesinde 1 müň 476 kilogram 200 gram pile tabşyrdy. Bu görkeziji meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şonuň üçin onuň üstünligi diňe bir Kerki etrabynyň däl, tutuş welaýatymyzyň pileçileri üçin hem göreldedir.
— Maňa bu sepgitlere ýetmekde hemişe maşgalam ýardam berýär. Agzybir maşgalamyzda ýanýoldaşym Baýramgeldi aga bilen çagalarymyzy ösdürip ýetişdirdik. Häzirki wagtda agtyklarymyz hem bar. Gyzgalaňly pile döwründe maşgala agzalarymyz maňa ýakyndan kömek etdiler. Toprak ýaltany däl, yhlaslyny söýýär. Şonuň üçin zähmetden gaçmaly däl. Häzirki ajaýyp döwrümizde halal zähmet çekip, rysgal-bereket döretmäge ähli mümkinçilikler bar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksiz — diýip, Annagül Penjiýewa buýsanç bilen gürrüň berýär.
Tejribeli kärendeçiniň zähmeti döwlet derejesinde hem mynasyp baha eýe boldy. Ol 2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Bu belent sylag Annagül gelnejäniň diňe bir şahsy üstünligi däl, eýsem, Kerki etrabynyň zähmetkeşleriniň, türkmen zenanynyň gaýratynyň we halal zähmete goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Annagül Penjiýewa häzirki günlerde hem zähmetden el üzmeýär. Pile möwsüminden soň onuň yhlasy bugdaý we pagta meýdanlaryna gönükýär. Ol her bir ekine öz çagasy ýaly seredip, ene topragyň berekedini artdyrýar. Şeýle zähmetsöýer zenanlaryň göreldesi ýaş nesiller üçin hem uly mekdepdir.