Şu ýylda Lebap welaýatynyň ähli etraplary bilen birlikde kerkili pagtaçy kärendeçiler hem gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdiler.
Kerkili pagtaçylar 10400 gektar gowaça ekilen meýdandan Watan harmanyna 21500 tonna pagta tabşyrmagy belent borç edinýärler. «Ak altynly» harmanlaryň beýgelmegine saldamly goşant goşýan kärendeçileriň aglabasy ýaşlardyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň wekilleri hem ýaş kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirýärler. Her on günden bolsa guramanyň etrap geňeşi tarapyndan pagta ýygymy möwsüminde yglan edilen zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenilýär. Ýakynda hem soňky ongünlükde pagta ýygymynda öňe saýlanan ýaşlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.