Kerki şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Muzaffar Şarapow 1982-nji ýylda Özbegistanyň Buhara şäherindäki mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlap, ykbalyň emri bilen häzirki işleýän mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar. Şondan bäri hem bu mekdepde çagalara aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwredip gelýär.
Muzaffar mugallym her bir sapagy täsirli gurap, çagalaryň sungata bolan höwesini artdyrýar. Onuň okadan okuwçylarynyň köpüsi häzirki wagtda dürli ýerlerde aýdym-saz ugrundan işleýär. Olaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Omar Igamow, Russiýa Federasiýasynyň çagalar sungat mekdeplerinde halypasynyň kesbini ýöredýän Sofiýa Azamatowa, Dina Jumageldiýewa dagy bar.
Sungata ykbalyny baglan Muzaffar mugallymyň ýanýoldaşy Zulhumaryň asly hem özbegistanly. Olar ýokary okuw mekdebinde okap ýören döwründe tanşyp, maşgala gurýarlar. Zulhumar häzir Kerki şäherindäki 6-njy orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Gyzy Sitora 2008-nji ýylda welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, kakasynyň işleýän bilim ojagynda okuwçylara saz nazaryýeti dersinden sapak berýär. Agtygy Barno hem çagalar sungat mekdebiniň fortepiano toparyna gatnap, ata-enesiniň kesbini dowam etdirýär, aýdym aýdýar, saz çalýar. Ol birnäçe gezek etrap, welaýat derejesinde geçirilen halk saz gurallary orkestriniň bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeledi.
Kerkili özbek mugallymlar türkmen çagalaryna aýdym-saz öwredýärler

17
Apr