Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow şu günler Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş etdi.
Kerkili mugallym Oýunlaryň kuraş boýunça ýaryşyna gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy. Kuraş ýaryşlarynda lebaply türgenleriň başga-da birnäçesi öňdäki orunlary eýelediler. Olar barada öňümizdäki habarlarda has takyk maglumat bereris.
Daýanç Omirowyň geçen ýyl Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempiony bolandygyny ýatladýarys.