SPORT WE SYÝAHAT, TÜRKMENISTAN HABARLARY

Kerkili mugallym altyn medal üçin göreşer

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde türkmenistanly türgenleriň birinden galany finala çykdy. Bu bolsa şu gün milli ýygyndynyň altyn medal mümkinçiligini artdyrýar.

Günüň ahyrky ýarymfinal tutluşygynda 81 kilograma çenli agram derejesinde kerkili bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow eýranly pälwan Ramin Ahmadzadehi ýeňip, finala çykdy.

Daýanç Omirowyň finaldaky garşydaşy gazagystanly Bekadil Şaimerdanow bolar.