Kerki şäheriniň medeniýet merkeziniň direktory Ýazguly Hožyýew tebigy zehini, köpugurly döredijilik ukyby we yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda tanalan hünärmenleriň biridir. Ol başlangyçda kitaphanaçy bolup işe başlap, soňra oba medeniýet öýünde ýolbaşçy bolup işlän döwürlerinde “Altyn gupba” atly çagalar folklor-tans toparyny döredip, onuň ýurdumyzyň ähli künjeginde tanalmagyna mynasyp goşant goşdy. Şeýle-de şol ýyllarda halk teatrlarynyň sahnasynda gahrymançylykly keşpleri döretmek bilen giňden tanalyp, birnäçe döredijilik toparlarynyň öňdebaryjy tansçysy we konsertleriň alypbaryjysy hökmünde halkyň uly söýgüsini gazandy.
1999-njy ýyldan bäri Kerki etraby we Kerki şäheriniň medeniýet merkezlerinde ýolbaşçylyk eden Ýazguly Hožyýewiň işleri häzirki günlere çenli üstünlikli dowam edýär. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparlar welaýat we döwlet derejesindäki baýramçylyklarda ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp bolupdyr. 2024-nji ýylda welaýat halk teatrlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde “Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” spektaklynda Döwletmämmet Azadynyň keşbini ýerine ýetirip, iň gowy erkek keşbini döreden aktýor hökmünde sylaga mynasyp bolmagy onuň döredijilik ýolundaky nobatdaky üstünlik boldy. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylygynda “Asyryň ýaňy” atly täze folklor toplumynyň üstünde işler alnyp barylýar.
Kerkili medeniýet işgäri täze folklor toplumynyň üstünde işleýär
20
Nov
