Akjagül Weliýewa — Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ussat kärendeçisi. Ol ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Bu sylag onuň çekýän asylly zähmetine berlen ýokary baha boldy.
Ol 2004-nji ýylda hojalygyň Eziz Geldiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 6-njy kärendeçiler toparyna degişli meýdandan 4,27 gektar ýeri kärendesine alyp, gowaçadyr bugdaýy gezekleşdirip ekip başlaýar. Şondan bäri başarjaň kärendeçi gelniň döwlete azyklyk däne, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok. Soňabaka ol öňdebaryjylaryň hataryna ymykly goşuldy. Geçen ýylda hem onuň gazanan netijesi ýokary boldy. Ol eýeçilik edýän kärende ýerine bugdaý ekip, her gektaryň hasyllylygyny meýilnamada
görkezilen 29 sentnere derek 45 sentnere ýetirmegi başardy.
Akjagül ekin dolanyşygyna üns berip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kärende ýerine gowaçanyň «Saýlantgy» görnüşiniň tohumyny bellenilen möhletde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekdi. Bejergi döwründe mehanizatorlaryň ýakyndan ýardam bermekleri netijesinde gowaçalaryň hatar aralaryny ykjam ýumşadyp, mineral dökünler bilen iýmitlendirip, suwdan kemsiz gandyrdy. Çekilen zähmet ýerine hem düşdi. Pellerde pagtanyň bol hasyly kemala geldi.
Kerkili kärendeçi zenan döwlet sylagynyň eýesi boldy
23
Oct
