YKDYSADYÝET

Kerkili hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini ýetişdirmekde görelde görkezýärler

Kerkili hususyýetçi Artur Hallakow geçen ýylyň güýzünde sogan eken 5 gektar meýdanyndan 125 tonnadan geçirip hasyl almagy başardy. Artur özüniň zähmetiniň ýerine düşendigini begenç bilen bize buşlady.

Batyr Rozyýew hem etrapda ýerden bol hasyl öndürmegi başarýan tejribeli hususyýetçileriň biri hasaplanylýar. Ol ýylyň-ýylyna özüniň 4 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Batyr geçen ýyl 338, 5 tonna pomidor hasylyny ýygnap, ildeşlerimize hödürledi. Üstümizdäki ýylda hem telekeçi ýigidiň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Pomidoryň bol hasyly kemala getirildi. Häzire çenli 230 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, bazarlara çykaryldy. Biýaralarda hasyl entek köp. Ýene-de 100 tonnadan gowrak hasyl ýygnamaklyk göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: