JEMGYÝET

Kerkili hukuk goraýjy işgär «Garagum» žurnalynyň geçiren bäsleşiginde ýeňiji boldy

Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň müdiriniň işgärler boýunüça orunbasary Erkin Saparow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynyň ýaşlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy – pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol bu bäsleşikde birinji orny eýeledi.

Döredijilik bäsleşigine ýurduň dürli künjeklerinden ýaşlar seslenip, öz şygyr we kyssa eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, şahyrana dünýäsine degişli hem-de öňe süren ynsanperwer ideýalaryndan ruhlanyp ýazan eserleri «Garagum» žurnalynyň üstümizdäki ýylda çykan 3-nji we 4-nji sanlarynda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu bäsleşikde ýörite düzülen eminler topary iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berip, ýeňijileri kesgitlediler.