YKDYSADYÝET

Kerkili goja işewür talyplyk arzuwyny hormatly dynç alşa çykansoň amala aşyrdy

Kerki etrabyndaky «Şypaly önümler» hususy kärhanasy 73 ýaşly Ulugbek Haýydowyň hormatly dynç alşa çykandan soň döreden önümçiligi. Ol häzir talyplyk ýyllarynda eden arzuwyny amala aşyrýar ― hususy işewürlik bilen meşgullanýar.

Şeýlelikde, Ulugbek Haýydow 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna kabul edildi, şol ýylda ol döwletden ýeňillikli karz pul serişdesini aldy. Şonuň hasabyna gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän hem-de gaplaýan enjamlary Hytaý döwletinden getirtdiler. Telekeçä 2 gektar ýer hem bölünip berildi. Şeýdip kärhana ýola düşdi. Şondan bäri saçaklardaky önümleriň bolçulygynda «Şypaly önümleriň» hem mynasyp paýy bar.

Kärhananyň önümleriniň onlarçasy — alma, ülje, erik, garaly ýaly miwe suwlary, duzlanan we garyşyk hyýar, gaplanan pomidor ýaly görnüşleri uly islegden peýdalanýar. Gaýtadan işlenilýän önümleriň düzümi we hili ilki kärhananyň ýörite barlaghanasynda barlanylýar. Soňra olar arassalanylyp, talaba laýyklykda gaplara guýulýar. Edil şu günlerde kärhanada gaplanylan alma şiresiniň iki müň gapdan gowragy alyjylara ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: