YKDYSADYÝET

Kerkili gallaçylar ekinden ýokary hasyl aldylar

Ýakynda tamamlanan galla oragy möwsüminde Kerki etrabynyň aýry-aýry kärendeçileri has ýokary hasyl aldylar.

«Mürzebeggala», «Hatap» daýhan birleşikleriniň kärendeçi ýaşlary bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, bu baradaky meýilnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda artygy bilen berjaý etdiler. Olardan Çynar Abdyýewanyň ady aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol özüne berkidilen 8 gektar kärende ýerinden meýilnamada görkezilen 22 tonna 400 kilograma derek 35 tonna galla almagy başardy. Şeýle hem şu daýhan birleşiginden kärendeçi zenan Enar Gurbanowa 17 gektar bugdaý ýerinden 84 tonna hasyl alyp, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşdy. Ýaş kärendeçi Suhrap Rüstemow hem bugdaý ekilen 12 gektar kärende ýerinden meýilnama boýunça 33 tonna 600 kilogramyň deregine 46 tonna 700 kilogram guşgursak däne ýygnady. Şeýlelikde mürzebeggalaly ýaş kärendeçiler galla oragy möwsüminde meýilnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, asylly görelde görkezdiler.

«Hatap» daýhan birleşiginde-de öňdebaryjy ýaş kärendeçi daýhanlar näçe diýseň bar. Olaryň hatarynda Ogulmeňli Rahmedowanyň, Gunça Kerimowanyň atlary bellenilmäge mynasyp. Ogulmeňli bellenilen meýilnamalaýyn borçnamasyny 2 esseden hem artyk berjaý etmegiň hötdesinden geldi. Ýagny ol 3 gektar kärende ýerinden 7,5 tonna derek 15 tonna 300 kilogram guşgursak bugdaý hasylyny ýygnady. Gunça bolsa 2 gektar kärende ýerinde 11 tonna golaý hasyl ýetişdirdi.