Doganlar Joraguly, Aşyrguly, Kadyr, Merýem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň
Güýç obasynda limon ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Olaryň hersiniň ýyladyşhanasynda 60-80 düýp limon agajy bolup, olar her ýyl möwsümde ep-esli girdeji alýarlar. Daýhan doganlar geljekde banan, mandarin, apelsin agaçlaryny-da ösdürip ýetişdirip, önümçiligi giňeltmegi maksat edinýärler. Bu işe ilki başlan doganlaryň ortanjysy etrap merkezi hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminiň lukmany Joraguly Saparow boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal öz melleginde ýyladyşhana gurup, limon agajynyň 60 düýp nahalyny ösdürip ýetişdirdi.
—Goşmaça ýene 50 düýp nahal oturdar ýaly ýyladyşhana gurdum. Dogry, limony ösdürip ýetişdirmek aňsat däl. Ol irginsiz zähmeti talap edýär. Oňat garaşyk edip, idegini ýetirseň, her düýbi 450 — 500-e çenli miwe berýär. Diňe öz etrabymyzdan däl, eýsem, goňşy Halaç, Köýtendag etraplaryndan hem gelip, alyp gidýärler ― diýip, doganlaryň ulusy welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Kerkili doganlar limonyň her düýbünden ýarym müňe çenli miwe alýarlar

28
Dec