JEMGYÝET

Kerkili daýhanlar täze oba hojalyk ýylyny üstünliklere beslemegi meýilleşdirýärler

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde ussat gallaçy-kärendeçiler tarapyndan bugdaý öndürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda 27 ýyldan bäri birleşigiň 1-nji kärendeçiler toparyna degişli 3,52 gektar ekin meýdanyny kärendesine alyp işleýän Saýat Döwletowa hem bar. Ol geçen ýyl her gektardan 31 sentneriň deregine 51 sentnerden geçip, azyklyk bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegi başardy. Kärendeçi tarapyndan ekişden öň meýdanlary taýýarlamak, ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyryş, şüdügär sürümi, suwaryş we ekiş işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär.
Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Arzygül Ödäýewanyň ýolbaşçylyk edýän 1-nji kärendeçiler toparynda jemi 115 gektar bugdaýly meýdan bar. Geçen ýyl 105 gektar meýdandan 365 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy. Bu görkeziji şertnamalaýyn borçnamadan ýokarydyr. Üstümizdäki ýylda topar tarapyndan 115 gektar bugdaý ekilen meýdandan 325 tonnanyň deregine 350 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bugdaý maýsalaryna ideg etmek, dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny bermek işleri dowam etdirilýär.