Kerkili daýhan 1,5 gektardan 60 tonna keleme garaşýar

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şöhrat Kerimow 1,5 gektar meýdanda kelemiň bol hasylyny ýetişdirdi.

«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, ol bu ekini bugdaýdan boşan ýere ekipdir. Daýhan şonça ýere bu azyklyk ekiniň 38 müň düýbüni ekipdir. Şu günler Şöhrat ýetişdiren hasylyny ýygnamagyny dowam etdirýär. Ýetişen kelemleriň hem biri 2-3 kilograma barabar. Ol eýýäm 36 tonnada geçirip kelem ýygdy we söwda nokatlaryna ugratdy. Kärendeçi jemi 60 hasyla garaşýar.

«Azatlyk» daýhan birleşigi boýunça jemi 2,5 gektar meýdana kelem ekildi we bol hasyl ýetişdirildi.

Adblock
detector