Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynyň ýaşaýjysy Guwanç Berdiliýewiň maşgalasynda aýdym-saz sungaty nesilme-nesil dowam edip gelýär. Onuň atasy Ýagşymyrat aga il arasynda ussat bagşy hökmünde tanalypdyr, kakasy Gurbangeldi aga bolsa bagşy hem-de dutar ussasy hökmünde Jeýhun boýlarynda meşhurlyk gazanypdyr. Guwanç Berdiliýew orta mekdepde okaýan ýyllarynda zehinli ýaşlaryň döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolup, soňra Kerki etrabynyň Mustak Aýmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutar bölüminde bilim alýar. Ol bu ýerde Çary Saparow, Astanberdi Möwlamberdiýew ýaly halypalardan tälim alýar. Orta mekdebi tamamlandan soň etrabyň medeniýet bölüminde işe başlap, Türkmenistanyň halk bagşysy Rozy Muhammediýewiň ýolbaşçylyk edýän dutarçylar toparynyň düzüminde çykyş edýär.
Guwanç Berdiliýew häzirki wagtda hem bagşyçylyk we dutar ussaçylygyny dowam etdirýär, şeýle hem ýaşlara we öz çagalaryna saz sungatyny öwredýär. Onuň şägirdi Eziz Halmyradow Türkmen döwlet medeniýet institutynda okaýar. Şägirtleri Daýanç Garaýew we Hekim Myradow dürli kärlerde zähmet çekýärler. Guwanjyň dört çagasy bar: uly ogly Hangeldi 2022-nji ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda baýrakly orun eýeläp, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan geçirilen «Meniň sesim» telebäsleşiginde çykyş edip, Hormat hatyna mynasyp bolýar. Gyzy Çeper çagalar sungat mekdebiniň dutar bölüminde, ogly Ýeňiş akkordeon bölüminde okaýar, dört ýaşlyja Gülöwser hem saz gurallaryna gyzyklanma bildirýär.
