Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde 96,19 gektar miweli, 18 gektar hem üzüm baglary bar. Baglar tejribeli bagbanlaryň 110-syna kärendesine berlipdir. Bagbanlar özlerine berkidilen baglara oňat garaşyk edip, ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar.
Bahar Salyhowa hem öz işine ussat bagbanlaryň biri. Onuň 1,5 gektar meýdanda üzüm bagy bar. Bahar geçen ýyl hem kärende ýeriniň hasyllylygyny 100 sentnerden geçirip, kärdeşlerine asylly görelde görkezdi. Oňa bu işde adamsy Kemal Salyhow hem ýakyndan kömek berýär.
Kemalyň kakasy Möwlam aga hem ömrüniň köp bölegini bagbançylyk edip geçiripdir.
—Men hem maşgala agzalarym bilen ýylyň dowamynda bagymyza garaşyk edýärin. Ýerli we mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirýärin. Köpräk ýerli dökünden peýdalanýaryn. Häzire çenli 15 tonna golaý ýerli dökün berdik. Baglaryň hatar aralaryna ýorunja hem ekdik. Ol özüniň gerek iýmitiniň köpüsini kökünde emele getirýär. Baglar hem ondan gerekli iýmitini alýar. Bagymyzda, esasan, «taýpy» görnüşli üzümler ýetişdirilýär. Bu üzümiň hyrydary diýseň köp. Ol uzak wagtlap özüniň terligini saklaýar. Onuň tagamy süýji, daşky görnüşi-de özüne çekiji, owadan— diýip, ussat kärendeçi gelin Bahar Salyhowa welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berýär.
Kerkili bagban zenan üzümiň ger gektaryndan 100 sentnere ýetirip hasyl alýar

04
Apr