TÜRKMENISTAN HABARLARY

Kerkiden Balkanabada uçar gatnawlary amala aşyrylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kerki we Balkanabat şäherleriniň arasynda hem göni uçar gatnawyny ýola goýdy. Bu gatnaw eýýäm 11-nji awgustdan bäri amala aşyrylyp gelinýär.
Türkmenabat halkara howa menziliniň jemgyýetçilik torlaryndaky resmi hasabynda habar berlişi ýaly, bu gatnaw her hepdäniň penşenbe güni amala aşyrylýar. Gatnawyň ýola goýulmagy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ajaýyp Awazada dynç almak mümkinçiligini has-da artdyrýar.
Awiakompaniýa gatnaw üçin onlaýn biletleri kompaniýanyň resmi saýtyndan ýa-da «Çapar pay» mobil goşundysyndan satyn alyp boljakdygyny habar berýär.