XII asyra degişli Astanababa ýadygärligi ýurdumyzyň gadymy binagärlik ýadygärlikleriniň biridir. Ol ýerli ilat arasynda «Astanababa», «Gyzlarbibiniň kümmeti» we «Dört gümmez öwlüýä» diýlip hem atlandyrylýar.
Alymlar tarapyndan geçirilen barlaglarda ýadygärligiň dürli döwürlerde we dürli maksatlar üçin gurlan birnäçe bina otaglarynyň birleşmesinden emele gelendigi anyklanyldy. Astanababa ýadygärligi häzirki wagtda döwlet tarapyndan goralýar we Kerki şäherindäki taryhy-medeni goraghananyň hasabynda saklanýar.
Kerkide XII asyrdan galan gymmatlyk aýawly saklanylýar
23
Apr

